Hytaý dünýäniň iň uly radio teleskopyny gurýar

Hytaýyň Guizhou şäherinde ýerleşýän 500 metrlik Diafragma Sferik Radio Teleskopy (FAST) 5 ýyllyk gurluşykdan soň 2016-njy ýylda synag edip başlady we 2020-nji ýylyň başynda ulanylmaga berildi.

Hytaý Sinszýan sebitinde dünýäniň iň uly radio teleskopynyň gurluşygyna başlady. Gurluşygyna başlanylan dünýäniň iň uly radio teleskopy çanak görnüşli bolup, onuň diametri 110 metre barabardyr. Bu teleskop Wirjinadaky «Green Bank» teleskopyndan 10 esse uly bolar.

Iň uly radio teleskopynyň gurluşygy 6 ýyl dowam eder. Teleskop älemdäki ähli bolup geçýän hadysalara gözegçilik etmek üçin iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün ediler. 10 sm bilen 4,3 metr aralygyndaky elektromagnit spektriň tolkun uzynlyklaryny gözden geçirjek teleskop beýleki äpet teleskoplardan has duýgur bolar.

Alymlar, teleskopyň ululygy we duýgurlygy bilen älem giňişliginden gelýän elektromagnit spektriň tolkun uzynlyklaryny has takyk öwrenip bolar diýip çaklaýarlar.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok