6-njy oktýabr — Hatyra güni

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy: sanlar we maglumatlar

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu ýadygärlikler toplumy Gökdepe urşunda wepat bolan gaýduwsyz gerçeklerimiziň, 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde wepat bolan milli gahrymanlarymyzyň, şeýle hem Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan ildeşlerimizi hatyralamak maksady bilen guruldy.

Ýadygärlikler toplumynyň umumy tutýan meýdany 650 müň inedördül metre, uzynlygy 916 metre, giňligi bolsa 626 metre barabar bolup, onda ýerleşýän desgalaryň tutýan meýdany 5 müň 824 inedördül metre barabardyr.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň esasy binalary 3 ýadygärlikden ybaratdyr:

1. 1948-nji ýylda Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlara bagyşlanan «Ruhy tagzym» ýadygärligindäki «Ýer göteren sary öküz». Onuň beýikligi 22 metrdir.

2. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, Watan ugrundaky söweşlerde wepat bolanlara bagyşlanan «Baky şöhrat» ýadygärliginiň merkezinde baky ot alawlap dur. Bäş welaýatymyzyň jebisligini aňladýan 5 sany sütün bar. Sütünleriň beýikligi 45 metre deň bolup, Watançylyk urşunyň gutaran ýylyny aňladýar.

3. Watan üçin wepat bolan esgerlere bagyşlanan «Milletiň ogullary» ýadygärliginde ýerleşdirilen enäniň we oňa tagzym edip oturan iki gerçek ýigidiň heýkelleriniň beýikligi 24 metre barabardyr.

Toplumda ýadygärliklerden başga-da, Ýarymaý şekilinde «Watan mukaddesligi» muzeýiniň binasy bar. Muzeýde türkmen halkynyň baý taryhy, milli medeniýeti, däp-dessurlary, Garaşsyzlyk ýyllaryndaky gazanan ösüşleri bilen giňişleýin tanyşmak bolýar.

Muzeýiň binasy bilen bilelikde ýadygärlikler toplumynda Hatyra güni sadaka bermek üçin ähli zerurlyklar göz öňünde tutulan 3000 orunlyk sadaka binasy muzeýiň arka tarapynda ýerleşdirilendir.

Topluma barmak üçin Bekrewe ýolunyň ugrunda 4 ýerde ýerasty geçelge göz öňüne tutulandyr. Toplumyň iki tarapyndan Bekrewe ýolundan aýlawly awtomobil ýol hereketi bolup, şol ýerden awtomobil ulaglary üçin toplumyň daşyndan ýol çekildi. Şeýlelikde topluma iki tarapdan hem awtomobil ulaglary üçin ýol gurnaldy.

Toplumda jemi 1000 awtoulaga niýetlenen 4 awtoduralga bar. Awtoduralgalaryň ikisi toplumyň günbatar tarapynda. Olaryň her biri 125 awtoulaga niýetlenendir. Toplumyň gündogar tarapynda Bekrewe ýolunyň ugrunda bolsa her biri 375 awtoulaga niýetlenen 2 awtoduralga guruldy.

Mundan başga-da, ýadygärlikler toplumynda suw çüwdürimler bolup, olaryň töwereginde içi gülli aýmançalar gurlup, owadan çyralar we oturgyçlar oturdyldy. Toplumda oturdylan çyralar gijelerine oňa özboluşly öwüşgin çaýyp, ýadygärligi has-da gözel görnüşe besleýär.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok