Türkmenistanda ilkinji gezek hlorellanyň önümçiligi ýola goýuldy

Türkmenistanda ilkinji bolup, «Pajarla» we «Çemenli ýaýla» hususy kärhanalary bilelikde hlorellanyň önümçiligini ýola goýdy.

Hlorella biröýjükli suwoty bolup, ol ekerançylykda, howuzlary arassalamakda, kosmetologiýada, zawod fabrikleriň atmosfera zyňyndylaryny azaltmakda, gaýtadan işlemekde we ýygnap saklamakda şeýle-de maldarçylykda gara we ownuk şahly mallary, guşlaryň ähli görnüşlerini (towuk, düýeguş, käkilik, öý guşlary), şeýle hem balarylary, ýüpek gurçuklary, balyklary, atlary, itleri iýmitlendirmek, olaryň immunitetine täsir etmek bilen, oňyn netijeleri gazanmak üçin, ýagny guşlaryň, gara mallaryň önümliligini ýokarlandyrmakda giňden ulanylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok