Elon Muskyň eýeçiligindäki «SpaceX» kompaniýasy, dünýäniň ähli ýerinde interneti elýeter etmek taslamasynyň çäginde täze «Starlink» hemralaryny uçurmagy dowam etdirýär. Kompaniýa häzirki wagta çenli 3500-den gowrak «Starlink» hemrasyny orbita uçurdy we ýene müňlerçe sanysyny uçurmagy meýilleşdirýär.
«Ookla» tarapyndan geçirilen tizlik synaglaryna görä, «Starlink» hemralarynyň ABŞ-daky ulanyjylarynyň ortaça göçürip alma tizligi 2022-nji ýylyň birinji we ikinji çärýeklerinde 90,6 Mbit/s-den 62,5 Mbit/s-a şeýle-de ýükleme tizligi 9,3 Mbit/s-den 7.2 Mbit/s-a çenli peseldi.
«Starlink» web sahypasy, ulanyjylaryň 50 we 200 Mbit/s-lyk göçürip alma tizliginiň 10-20 Mbit/s-a çenli peselip biljekdigini bu ýagdaýlaryň düzedilmesi üçin biraz wagt garaşmaly boljakdygy baradky bildirişi goýdy.
«Starlink» hemralarynyň tizligi haýallasa-da, «Viasat» we «HughesNet» hemra hyzmatlaryndan öňdeligi saklap gelýär.
Ylýas ANNAMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler