«Inženerleri daşary ýurt dillerinde okatmagyň tehnologiýasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Golaýda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde «Inženerleri daşary ýurt dillerinde okatmagyň tehnologiýasy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň esasy maksady talyp ýaşlary dil babatda kämilleşdirmekden, dil bilen hünäri utgaşykly alyp barmagy öwretmekden, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmekden ybarat bolup maslahatyň dowamynda uniwersitetiň mugallymlary inženerleri iňlis we ýapon dillerinde okatmagyň usulyýeti boýunça görkezme sapaklaryny geçdiler.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýaşlara daşary ýurt dillerini okatmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen «Goşmaça we üznüksiz bilim» okuw merkezi döredildi. Şeýle-de talyplaryň okuwdan boş wagtlary sözleýiş endiklerini ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, «Dil kafesi» döredildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok