Gubadag etrabyndaky «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň kerpiç zawody bir gektardan gowrak meýdany tutup, bu ýerde bir gije-gündiziň dowamynda 150 müň sany kerpiç öndürmäge niýetlenendir. Kerpiçler ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Kerpiçleriň esasy bölegi bu hususy kärhana tarapyndan Daşoguz şäherinde bina edilýan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda ulanylýar. Bu barada turkmenmetbugat saýty habar berýär.
Kärhananyň gurluşykçylary welaýat merkeziniň Türkmenistan, Gurbansoltan eje, Aşgabat köçeleriniň ugrunda dört gatly, 16 öýli jaýlaryň birnäçesini gurup ulanmaga berdiler. Şu günler kärhananyň kerpiç zawodynda önümçiligiň möçberini has-da artdyrmak hem-de hil derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli tehnologik işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda welaýatyň çäginde gurluşyk işleri bilen meşgul bolýan hususy kärhanalaryň buýurmasy esasynda her gün bişen kerpijiň 50 müň sanysy gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar.
Teswirler