Awstriýanyň Demografiýa merkeziniň we Global adam hukuk we gözleg merkeziniň alymlary dünýäniň ilat sanynyň ýetjek iň ýokary möçberini anykladylar. Gyzykly gözleg, Ýeriň näçeräk ilaty özünde saklap biljekdigi baradaky maglumatlary ýüze çykardy.
Awstriýanyň Demografiýa merkeziniň we Global adam hukuk we gözleg merkeziniň hünärmenleri, 2070-nji ýyla çenli dünýäniň ilat sanynyň 9,67 milliarda ýetjekdigini, 2080-nji ýyllarda 10,4 milliarda ýetip, soňra bolsa planetanyň ilatynyň näbelli bir sebäplere görä birden azalyp başlajakdygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýa bolsa tebigy hadysalaryň we betbagtçylyklaryň, näbelli keselleriň şeýle-de azyk ýetmezçiliginiň sebäp bolup biljekdigini aýdýarlar.
Hünärmenler dünýä döwletleriniň kyn ýagdaýlara taýyn bolmalydygyny we adatdan daşary ýagdaýlarda artykmaç çykalgalardan peýdalanylmalydygyny belleýärler. «Worldometers» tarapyndan berlen soňky maglumata görä, häzirki wagtda dünýäniň ilat sany 7 milliard 924 million adama deň bolup durýar. Sanawyň başynda Hytaý 1 milliard 439 million adam bilen birinji, Hindistan 1 milliard 380 million adam bilen ikinji, ABŞ 331 million adam bilen üçünji orunda durýar.
Öwezmyrat ŞÜKÜROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.
Teswirler