Ýüpek – bu ýüpek gurçugy tarapyndan emele getirilýän süýüm bolup durýar. Golaýda, alymlar bu ýüpegiň süýümini, onuň esasy düzümi bolan fibriona çenli dargatmaklygy öwrendiler. Netijede bu maddany täze önümlere öwürmeklik mümkin boldy.
Eger ýüpegiň himiki düzümini üýtgetsek, onda ony ýeňillik bilen kesgitli bir maksat üçin ulanyp bolýan önüm döredip bolar. Golaýda geçirilen barlaglarda, hünärmenler ýüpegiň fibrionlaryna, ftor we uglerod saklaýan ýörite himiki zynjyrlar ýerleşdirdiler. Bu zynjyrlar durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar we beýleki maddalar bilen täsirleşmeýärler.
Şeýle derejede üýtgedilen ýüpek, adaty bilen deňeşdirilende suwa garşylyk bildirer we onuň mata “ýapyşmagyna” ýol bermez. Alymlar, ýüpegiň proteinindäki zynjyrlaryň uzynlygyny we mukdaryny üýtgetmekligiň netijesinde, onuň “ýapyşmazlyk” ukybyny dolandyryp bilerler.
Haçan-da ýüpegiň himiki zynjyrlary, uglerody we ftory köp mukdarda saklanda, suw bu matadan iterilýär. Şeýle hadysa, mata bilen ýagyň we düzüminde suw saklaýan, mysal üçin gan, iýmit önümleri ýaly beýleki maddalaryň galtaşan halatynda hem amala aşar.
Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler