Sanly ykdysadyýet: döwrebap ösüşleriň binýady

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge we çaltlandyrmaga gönükdirilen ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Şunda, ykdysadyýeti innowasion ýol bilen ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Öňdebaryjy dünýä tejribesinden peýdalanmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýetde görnetin ösüşleri gazanmak mümkindir.

Milli ykdysadyýetiň köpugurly we durnukly ösüşini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, pudaklarda sanly ykdysadyýeti we döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de kiçi we orta telekeçiligiň ösüşine döwlet tarapyndan goldaw bermegi dowam etdirmek, ähli sebitlerde ykdysady kuwwaty artdyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmek we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak baş maksatlaryň hatarynda görkezilýär.

2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň agzalarynyň hem-de halkymyzyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde tassyklanyldy. Uzakmöhletli ösüş maksatnamasynyň baş ugurlary düýpli özgertmeleri nazarlaýan taryhy başlangyçlary, ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşini üpjün etmek, geljek 30 ýylda adamlaryň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, şeýle hem makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagy göz öňünde tutulýar.

Goý, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýaşlary sanly ulgamdan kämil baş çykarýan hünärmenler edip ýetişdirmek ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli işleri has-da rowaç alsyn!

Güljemal SEÝITMYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok