Keniýada soňky 40 ýylyň iň erbet guraklygy

Gündogar Afrikada ýerleşýän Keniýa döwleti soňky 40 ýylyň iň erbet guraklygyny başdan geçirýär. Hünärmenler käbir haýwan görnüşlerine ýitip gitme howpy abanýandygyny aýdýarlar. Munuň sebäbini bolsa  howa şertleriniň ýaramazlaşmagy şeýle-de sebitde ýokarlanan bikanun aw awlamak bilen düşündirýärler.

Keniýada soňky üç aýyň içinde guraklyk sebäpli, dünýäde seýrek duş gelýän zebra görnüşleriniň 2 göterimi pilleriň bolsa 25 essesi öldi. Ýerli ilat guraklyk sebäpli ýabany haýwanlaryň iýmit üçin şäherleriň we obalaryň gyralarynda köp görünýändigini aýdýarlar.

Resmi adamlar Gündogar Afrika ýurdunyň köp ýerinde garaşylýan ýagyş ýagmasa, örän uly betbagtçylygyň boljakdygyny belleýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok