Dünýäniň iň gizlin muzeýi žurnalistlere gapysyny açdy

ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy, žurnalistlere esasy edaranyň içinde ýerleşýän iň gizlin muzeýiň gapysyny açdy. Bu muzeýde aňtaw gullugynda ulanylýan dürli materiallar görkezilýär.

Muzeý ABŞ-nyň Wirjina ştatyndaky ştab-kwartirasynyň içinde ýerleşip, dünýädäki iň üýtgeşik muzeý hasaplanylýar.

Muzeý hemmeler üçin ýapyk bolup, diňe Merkezi aňtaw gullugynyň işgärlerine şeýle-de ýörite myhmanlara gezelenç etmäge rugsat berilýär. Golaýda, ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli muzeýiň gapysy žurnalistlere açyldy.

Muzeýe gelýänleriň sany gizlin saklanýar. Bu ýere gelenleriň arasynda ABŞ Kongresiniň agzalary, beýleki aňtaw gullugynyň işgärleri we daşary ýurtly wekiller bar. ABŞ-nyň Merkezi aňtaw gullugy ýakyn wagtda muzeýdäki käbir zatlary onlaýn görnüşde görüp bilmek mümkinçiliginiň üstünde işleýär.

Sylap ATAJANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok