Milli ykdysadyýet — kämil binýat

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösmegine, önümçiligiň düşewüntliliginiň artmagyna, maýa goýumlarynyň oýlanyşykly ulanylmagyna, sanlylaşdyrylan ulgamlaryň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, döwlet tarapyndan hususy telekeçilige goldawyň berilmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagyna gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gazanylýan üstünliklerimiziň ruhlandyryjysy bolan Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan döwletimiz depginli ösýän güýçli döwlete, ösen ykdysadyýetli, milli mirasy we medeniýeti bolan kämil jemgyýete öwrülmek bilen, ýurdumyzda geçirilýän paýhasly özgertmeler syýasatynyň rowaçlanýan ýurduna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeler syýasaty netijesinde ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ilat üçin täze iş ýerleri döredilýär, telekeçilik bilen meşgullanmaga täze mümkinçilikler açylýar, her ýyl zähmet haklary 10% ýokarlandyrylýar. Bu özgertmeleriň ählisi Türkmenistan döwletimiziň ilatynyň girdejileri babatynda ýokary derejeli döwletleriň hataryna goşulmagyna şert döretdi. Sanly tehnologiýalaryň maliýe ulgamyna ornaşdyrylmagy ulgamy ösdürmeklige, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga, innowasiýalary maliýe taýdan üpjün etmäge hem-de höweslendirmäge, durnukly ykdysady ösüşi saklamaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini gowulandyrmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Nowruz PAŞŞYKOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok