Wulkanyň atylmagy netijesinde Ýuwaş ummanda täze ada döredi

«NASA»-nyň «Earth Observatory» gullugy tarapyndan berlen beýanatda, Ýuwaş ummandaky Merkezi Tonga adalarynyň golaýynda suwasty wulkanyň atylmagy netijesinde täze ýaş adanyň emele gelendigi aýdylýar.

Täze Zelandiýadan Tonga adalaryna çenli uzalyp gidýän sebit, dünýädäki iň uly suwasty wulkanlara eýe bolup durýar. Golaýda bu sebitdäki wulkanlaryň biri işjeňleşdi we şondan bäri ençeme gezek atyldy. Suwuň ýüzüne çenli çykan wulkan galyndysy 3 kwadrat kilometr meýdana ýaýrap täze adanyň döremegine sebäp boldy.

Täze emele gelen ada «Home Reef» diýlip atlandyrylyp, işjeň wulkanyň üstündäki wulkan adasydyr. Hünärmenler adanyň wagtlaýynlygyny aýdýarlar. Şeýle adalar 1852, 1857, 1984 we 2006-njy ýyllarda hem döräpdir, emma wulkanyň işjeňligi sebäpli bu adalar ýitipdir.

Tonga geologiýa gullugynyň gözlegçileri, adanyň deňiz derejesinden 15 metr beýiklikde ýerleşýänligini we adanyň gynansagam ömrüniň äpet tolkunlar sebäpli ýitip biljekdigini aýdýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok