Dünýäniň iň uly lomaý azyk bazarynda ýangyn çykdy

Dünýäniň iň uly lomaý azyk bazary hökmünde tanalýan Fransiýanyň paýtagty Pariždäki «Rungis» halkara bazarynda ýangyn döredi.

Dünýäniň iň uly lomaý lomaý azyk bazary hökmünde tanalýan «Rungis» halkara bazarynda ýüze çykan ýangyny, 100-den gowrak ýangyn söndüriji we 30 sany ýangyn söndüriji awtoulag birnäçe sagatdan soň kynçylyk bilen söndürdi. Ýangyn netijesinde ýüze çykan garra tüsse birnäçe kilometr uzakdan göründi.

Hünärmenler, ýangynyň näme sebäpden çykandygynyň entek belli däldigini we derňelýändigini aýtdylar.

«Rungis» halkara bazary – 7 müň inedördül metr meýdanda ýerleşip, bazarda takmynan 12 müň adam zähmet çekýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok