Ýewropa sowuk howa akymy aralaşýar

Geljek hepdäniň ortalarynda Ýewropa ýurtlarynda temperatura ep-esli ýagdaýda peseler. Sowuk howa akymy Arktikadan Günbatar Ýewropa tarap aralaşar.

«Bloomberg» habar gullugy Angliýanyň paýtagty Londonda howanyň temperaturasynyň ortaça 5 gradusdan pes boljakdygyny aýdýar. Şeýle hem Germaniýanyň Frankfurt şäherinde adaty howa öňki ýagdaýyndan 3,5 dereje pese düşer. Ispaniýanyň käbir sebitlerinde bolsa howanyň 3-4 derejä çenli pese düşmegine garaşylýar.

Angliýanyň meteorologiýa gullugy, Arktikadan gelýän sowuk howa akymy sebäpli ilaty howanyň sowuk boljakdygy barada duýdyryş berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok