Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň 829-sy jeza çekmekden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Şuňa laýyklykda, şanly Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň raýatlarynyň 829-synyň we daşary ýurtlaryň raýatlarynyň günäsi geçilip, mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine, ýokarda agzalan toparyň başlygyna ýüzlenip, degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi şeýle hem welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki ähli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok