Raýatlygy bolmadyk 4438 sany daşary ýurt raýatyna ýurtda ýaşamaga ygtyýar berildi

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 4 müň 438-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.

Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan we döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 530 adamyň, ýagny dünýäniň 26 milletiniň wekilleriniň raýatlyga kabul edilmegi boýunça degişli işleri geçirildi. Ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 315 adamyň, ýagny dünýäniň 9 döwletiniň raýatlary we 23 milletiň wekilleri hasaba alyndy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli Permanyň we Kararyň taslamalary hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň ynsanperwer we durmuş ulgamyny nazarlaýan hem-de adamlaryň abadançylygyny, bagtyýar durmuşyny, hukuklarynyň, azatlyklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün edýän syýasaty yzygiderli amala aşyrýandygyny belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok