Fransiýanyň meşhur Eýfel diňiniň yşyklary wagtyndan öň öçer

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ýerleşýän Eýfel diňiniň yşyklary indi ozalkylar ýaly gije sagat 01:00-a çenli ýanyp durmaz. Şäher häkiminiň aýtmagyna görä, energiýa bilen baglanyşykly krizis günsaýyn çuňlaşýar. Şol sebäpli energiýa tygşytlylygy sebäpli Eýfel diňiniň yşyklary indi sagat 22:00-a çenli ýanar.

Ýurtda diňe bir Eýfel diňi däl, eýsem köçelerdäki bezeg çyralary,  şäher muzeýleriniň yşyklary ýerli wagt bilen gije sagat 22:00-dan soň ýanmaz.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok