Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Her ýyl tylla güýzüň ilkinji aýynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününi dabaraly toý-baýram edip belläp geçýäris. Şu günler beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde yzygiderli geçirilýär. Tarypyny etmäge söz ýetmejek Watanymyz Garaşsyzlyk bagtyna eýe bolandan soň, ähli ugurlarda ösüşli menzillere gadam goýdy. Taryh üçin gysga döwürde ata Watanymyzda amala aşyrylan uly özgertmeleriň, durmuşa geçirilen beýik işleriň düýp mazmunynda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipesi boldy. Bu gün ýurdumyzyň syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilim, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarda gazanýan üstünlikleri dünýä nusgalykdyr.
Mukaddes Garaşsyzlyk türkmen döwletiniň gadymy şöhrat-şanyny gaýtaryp berdi. Kalbymyzdaky, hakydamyzdaky geçmişimize bolan beýik buýsanjy, merdana pederlerimiziň dünýä ýaň salan abraý-mertebesini galkyndyrdy, olaryň uzak asyrlaryň dowamynda eden arzuwlarynyň amala aşyrylmagyna giň ýol açdy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, bitirilýän beýik işleriň çuň many-mazmuny hem şol belent maksatlarda jemlenýär.
Türkmen döwletiniň ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleriniň, iri halkara guramalarynyň, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine berk eýerip, taryh üçin uzak bolmadyk döwürde halkara derejesinde uly abraý gazandy.
Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkidilýän beýik Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dostluk-doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, mukaddes watanly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar.
Ogulbagt SOLTANMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler