Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu günki günde türkmen ýaşlary döwletimiziň ähli ulgamlarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda hereketlendiriji güýje öwrüldiler. Olara öz başlangyçlaryny amala aşyrmak we döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilip berilýär.
Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýy Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolan möhüm waka hökmünde häzirki zaman taryhymyzyň şanly sene ýazgysyna girdi. Gurultaýda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «— Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar. Ýaşlaryň aň-düşünje, beden taýdan sagdyn, hünärine ezber, saýlap alan ýoluna yhlasly bolmagy üçin döredilýän mümkinçilikler örän uly we olara bildirilýän ynam hem ýokarydyr. » – diýip, Watanyň geljekki ykbalyny ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyz taryhy çykyşynda ýaşlaryň öňündäki täze wezipeleri kesgitledi.
Peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky öňdengörüjilikli döwlet syýasaty, kanunçylyk taýdan üpjün edilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, ýaş nesil baradaky aladanyň esasynda kämil şahsyýetleri we sagdyn nesli kemala getirmekde ata-babalarymyzyň milli edep-terbiýe kadalary, durmuş tejribesi bilen utgaşykly sazlaşygyň durýandygy wajyp ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, mertebeli başlary belent bolsun!
Perdegül DURDYBAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler