II Hazar ykdysady forumy Moskwada geçiriler

Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrliginiň saýtynda habar berilmegine görä, II Hazar ykdysady forumy 5-6-njy oktýabrda Moskwa şäherinde geçiriler. Forumyň ýokary derejede geçmegi üçin guramaçylyk komiteti döredildi. Çärä Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň resmi wekiliýetleri gatnaşar.

Forum çäklerinde gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Çäräniň ilkinji gününde, 5-nji oktýabrda tegelek stollar geçiriler. Esasy gün tertibinde bolsa “Hazar sebiti uly Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň bölegi hökmünde: täze çagyryşlar we ösüş mümkinçilikleri”, “Ulag we logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk”, “Ýaşaýyş-durmuş we işewürlik üçin oňaýly gurşaw”, “Hazar hyzmatdaşlygy – saglygy we ykdysadyýeti ýokançlardan goramak” baradaky meseleler bolar.

Forumyň ikinji gününde, 6-njy oktýabrda II Hazar ykdysady forumyna gatanaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň gysga düzümdäki duşuşygy bellenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok