Türkiýe rus gazynyň 25 göterimini rublda tölär

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet baştutanlarynyň 22-nji sammitinde, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Duşuşykda, Türkiýä iberilýän Russiýanyň tebigy gazynyň 25 göteriminiň rublda tölenjekdigi baradaky ylalaşygyň ýakyn wagtda güýje girjekdigi bellenilip geçildi.

Geçirilen ikiçäk duşuşykda rus kompaniýalary harytlaryny Türkiýäniň üsti bilen eksport etmek boýunça mümkinçilik aldylar. Bu barada «Interfax» habar berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok