Asuda ýollar bilen ýagty geljege tarap

Jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan hormatly Prezidentimiziň bu ugurda alyp barýan işleri halkymyzyň saglygyny, rahatlygyny kepillendirýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak bilen baglanyşykly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre hem şol işleriň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlary bilen ýurdumyzda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk örän netijeli häsiýete eýe bolýar. Ähli ýerlerde bu çärä bagyşlanan wagyz-nesihat işleri, maslahatlar geçirilýär. Onda ýurdumyzyň ýol gözegçiligi bölüminiň işgärleri ýol hereketiniň howpsuzlygy barada degerli maslahatlary berýärler. Ýollarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri, ýol hereketindäki şahsy jogapkärçiligiň bolmalydygy baradaky gyzykly maglumatlar şol çäreleriň ählisiniň özenini düzýär. Köçelerde, ýollarda awtoulaglaryň köpelmegi, ulag gatnawlarynyň artmagy sürüjileriň we pyýadalaryň has ünsli bolmagyny talap edýär.

Ýol hereketiniň düzgünleriniň, ýol belgileriniň talaplarynyň pugta berjaý edilmegi ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagyň ygtybarly kepilidir. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilýän bu biraýlyk çäreleri raýatlaryň asuda, abadan, howpsuz ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Öz halkynyň abadan durmuşy, saglygy üçin ýadawsyz tagalla edýän mähriban Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başlary aman bolsun.

Annaberdi ANNABERDIÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok