Gara şokoladyň saglyga peýdasy

Megerem şokolady halamaýan ýok bolsa gerek. Şeýle-de bolsa, şokolady aşa köp iýmek hem saglyga zyýanly bolup biler. Bu makalamyzda gara şokoladyň adam saglygyna peýdasy barada durup geçeris!

Gara şokolad – adam saglygy üçin örän peýdaly iýmitdir. Şeýle-de bolsa, ony entek ýeterlik mukdarda sarp etmeli. Artykmaç sarp edilende ganda şekeriň mukdaryny köpeldip saglyga oňaýsyz täsir edip biler.

Gara şokolad – antioksidanta baý bolup, ýürek saglygyny gowulaşdyrýar. Taryha ser salanymyzda, şokolad Günorta Amerikada kakao ösümligini ösdürip ýetişdiren ilkinji adamlar bolan maýalylardan başlanýar. Maýalylar ony «Taňrylaryň iýmiti» diýip atlandyrypdyrlar.

Hristofer Kolumb 1502-nji ýylda kakao bilen ýüzbe-ýüz bolan ilkinji ýewropalydyr. Ol öz gämisi bilen kakao hozuny alyp gaýdyp, Ýewropa ýurtlaryna satypdyr. Şondan soň hem ýurtlaryň birnäçesi bu ösümligi gaýtadan işläp üýtgeşik bir tagamly içgini almagy başarypdyr.

Şokoladyň esasy düzümi bolan kakaoda 40-50% ýag, 33% oleý kislotasy, 25% palmit kislotasy, 33% stear turşusy bar. Şol bir wagtyň özünde polifenollar tutuş kakao noýbasynyň gury agramynyň 10 göterimini düzýär.

Gara şokolad – gan basyşyny peseltmekde, bedendäki gan aýlanyşyny gowulaşdyrmakda, ýürek saglygyny berkitmekde, holesteriniň derejesini peseltmekde, derini günüň zyýanly täsirlerinden goramakda örän uly peýdasy bardyr.

Muhammetmeýlis MEREDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok