Russiýadan Türkmenistana uçmak üçin awiabiletleri satyn alyp boljak nokatlaryň salgylary

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi Türkmenistana uçmak üçin awiabiletleri satyn alyp boljak nokatlaryň salgylaryny paýlaşdy.

Russiýa Federasiýasy, Tatarystan, Kazan, Dekabristler köçesiniň 85 B öýi. «Relita» binasy, 210-njy otag (Kozýa Sloboda metrosy).

Iş tertibi: duşenbe ― anna günleri aralygynda 09:00-dan 18:00-a çenli. Günortanky arakesme: 12:00-dan 13:00-a çenli.

Telefon belgisi: +78435005531

Russiýa Federasiýasy, Moskwa oblasty, Domodedowo howa menzili, halkara uçuşlar zaly, 49-njy kassa.

Russiýa Federasiýasy, Sankt-Peterburg şäheri, Aleksandr Newskiý meýdany, 2-nji öý, E. 3-nji hatar, 1-nji gat. Iş wagty: her gün 09:00-dan 19:00-a çenli. Telefon belgisi: +79312221266.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok