Ýol abat — il abat

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuş goraglylygy hemmetaraplaýyn üpjün edilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy netijesinde ýurdumyzda ulaglaryň sany barha artýar. Bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde hasda jogapkärçilikli çemeleşmegi talap edýär. Şu nukdaýnazardan, her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmakda, ýagny howpsuz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ilkinji nobatda, sürüjiler bilen pyýadalaryň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmanydyr.

Garaşsyz Watanymyzda hereket edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär we ýol hereketiniň çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Bu Kanun 5 bapdan ybarat bolup, olar «Umumy düzgünler», «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary», «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde döwlet edaralarynyň ygtyýarlylyklary», «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça esasy talaplar» we «jemleýji düzgünler» diýlip atlandyrylyp jemi 34 maddany öz içine alyp, ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary, beýleki ýuridiki we fiziki şahslary tarapyndan jemgyýetçilik tertibini berjaý etmekde, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň azalmagynda, adamlaryň janynyň, saglygynyň we emläginiň goragly bolmagyny gazanmakda uly ähmiýete eýedir.

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanuny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkyň bähbidinden ugur alýandygyny subut edýär hem-de raýatlaryň janyny, saglygyny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilýär.

Mähriban ildeşler!

Ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý edeliň! Bu siziň we beýleki herekete gatnaşyjylaryň howpsuzlygy üçin zerurdyr. Çünki «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygydyr!».

Agajan RAHYMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok