Diýarymyzda 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy. Garaşsyzlyk bu – biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň Mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň göwün galkyndyryjy ýakymly howasy durmuşumyzy gurşap aldy.
Garaşsyzlyk! Sen biziň ilimize egsilmez bagt bolup geldiň, kalbymyza buýsanç nuruny çaýdyň! Güýjümize güýç goşduň, başymyzy gök diretdiň, ýüreklerimize ajaýyp, gaýtalanmajak owaz bolup dolduň! Garaşsyzlyk şapagyny garşylap, özbaşdaklygyna gowşan türkmen halky pederleriniň gursagynda garran arzuw-umytlaryna ýetdi. Gülleýän, gül açýan gözel diýarymyz öz taryhyndaky beýik baýramçylyga – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly toýuny uly dabaralar bilen garşylaýan döwründe ýalkymly pursatlary başdan geçirýär. Halkymyza erkinligiň sergin şemalyny peşgeş beren Garaşsyzlyk datly miwelerini eçilip, bizi nurly ertire sary alyp barýar.Garaşsyzlyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň ruhuny belentliklere göterýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň belleniljek günlerinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açylýär we olaryň ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
.
Şirmuhammet AHMETJANOW,
Türkmen Döwlet binagärlik we gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler