Ýatkeşligi güýçlendirmek üçin peýdaly önümler

Peýdaly iýmitleri kadaly we dogry mukdarda iýmek adam saglygyna uly goşant goşýar. Ýatkeşligi güýçlendirmek üçin iýilýän iýmitlere juda üns bermeli. Sagdyn beýni üçin gündelik iýmeli önümler huşy uzak wagtlap saklamaga ýardam berýär.

Ýatkeşligi güýçlendirýän iýmitler:

Alma – witaminlere we minerallara baý bolup, bedeni arassalamak, holesteriniň derejesini peseltmek, ýürek-damar ulgamyny goramak we huşy ýitileşdirmek üçin örän möhümdir.

Kädi – antioksidantlara baý, esasanam gan aýlanyş ulgamyny goraýar we öýjükleriň garramagyny haýalladýar.

Ary baly – tebigy önümleriň biri hökmünde beýnini iýmitlendirýär. Şeýle hem ary baly dem alyş ýollaryndaky käbir keseller we üsgülewige garşy serişde hökmünde bellidir.

Süýt we süýt önümleri – kalsiniň we belogyň ajaýyp çeşmesi bolan süýt we süýt önümleri immunitet ulgamyny güýçlendirmek üçin örän peýdalydyr.

Maňyz önümleri – beýni üçin örän peýdalydyr. Hoz, badam, zygyr maňyzy we gara kişde ýaly önümler ýag kislotalaryna, antioksidantlara, minerallara we witaminlere örän baý bolup, ýadyň kütelmeginiň öňüni alýar.

Ýaşyl ter ýaprakly önümler – A we K witaminlerine baý ysmanak, semzek, ukrop we petruşka ýaly ter ýaşyl ýaprakly önümler beýnini zeperlenmelere garşy goraýar.

Balyk – ýag kislotalarynyň çeşmesi bolup, onda Omega 3-iň köp mukdary saklanýar. Bu bolsa  ýadyňy gowulaşdyrmakda we beýniniň güýjüni ýokarlandyrmakda iň möhüm iýmitlerden biridir.

Gurbangeldi SÄHETMYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok