Elektrikli balyklaryň aragatnaşyk saklamagy, gezmegi, aw etmegi we özlerini goramagy üçin elektrik öndürip bilýän agzalary bar. Bu agzalaryň içki gurluşynda bolsa elektrik öndürip bilýän elektrositler diýlip atlandyrylýan öýjükler bar. Bu öýjükler myşsanyň we nerw öýjükleriniň üýtgemegi netijesinde emele gelen öýjüklerdir.
Elektrosit öýjükleri oýarylanda, öýjügiň içindäki kaliý ionlarynyň we öýjügiň daşyndaky natriý ionlarynyň mukdary aşa köp bolýar. Elektrosit öýjükleriniň membranasy kaliý ionlaryndan geçip bilýän hem bolsa, natriý ionlarynyň geçmegine rugsat bermeýär.
Konsentrasiýa tapawudy sebäpli kaliý ionlary öýjügiň içinden daşyna daşalýar. Konsentrasiýa we elektrik potensial tapawudy biri-birini deňleşdiren ýagdaýynda, öýjügiň iç tarapy elektrik taýdan negatiw, daşy bolsa položitel zarýadlanýar. Beýnimizdäki signallar elektrosit öýjüklerini gyjyndyrsa, öýjük membranasynyň bir tarapynda ion kanallaryny açýarlar we natriý ionlary bu kanallar arkaly öýjüge girip bilýärler. Öýjükde elektrik zarýadynyň üýtgemegine sebäp bolýan bu ýagdaý, ähtimal tapawudyň ýüze çykmagyna we elektrik togunyň döremegine sebäp bolýar.
Beýniniň signaly bilen gyjyndyrylýan elektrosit öýjüginde emele gelen elektrik togy goňşy elektrosit öýjügini hem herekete getirýär. Müňlerçe elektrosit öýjüklerinde bolup geçýän hadysa sebäpli bir wagtyň özünde, 600 V elektrik toguny döredip bilýär. Elektrik togy takmynan 1-2 millisekuntda ýüze çykýar.
Elektrikli ýylan balyklarynyň ululygy, adam golunyň ululygydyr. Elektrikli ýylan balyklaryndaky elektrik togunyň özüne zyýan bermezliginiň sebäbi bolsa, toguň 1-2 millisekunt ýaly gysga wagtlap dowam etmegi şeýle-de möhüm organlaryň töweregindäki ýag gatlagynyň izolýator hökmünde çykyş etmegi bolup durýar.
Gözel SERDAROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.
Teswirler