Hazar dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi

Türkmenistanyň daşary syýasatynda Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitinde döwletara gatnaşyklary sazlaşykly hem durnukly ýola goýmak, durmuş-ykdysady we ynsanperwer ösüş üçin esasy şert hökmünde sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy, hyzmatdaşlygy üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Munuň özi, bir tarapdan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi bilen baglanyşyklydyr, beýleki bir tarapdan, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek durnukly ösüş boýunça ählumumy meseleleri çözmegiň hökmany şerti bolup durýar.

Häzirki döwürde Hazarýaka sebitiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti barha artýar. Sebäbi Hazar deňzi, ilki bilen, sebitiň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ykdysady we medeni-syýasy hyzmatdaşlyk köprüsi bolup durýar. Şeýle hem, bu sebit özünde geosyýasy, geoykdysady taýdan dünýä döwletleriniň gyzyklanmalaryny jemleýär. Bilşimiz ýaly, 1996-njy ýyldan bäri Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky Hazar deňziniň hukuk derejesini resmileşdirmek maksady bilen gepleşikler geçirilip durulýar. Bu ýurtlaryň arasyndaky ilkinji resminama 2003-nji ýylyň noýabr aýynda gol çekildi. Ol hem Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Konwensiýadyr. Şol Konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Häzirki wagtda 12-nji awgust Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Hazarda parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak wagt babatynda çäklendirilen däldir. Hazar deňzi hemişe parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynam zolagydyr we şunda ähli meseleleri parahatçylykly, gepleşikler arkaly çözmek zerurdyr.

Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitleri 2002-nji ýylda Aşgabatda, 2007-nji ýylda Tähranda, 2010-njy ýylda Bakuwda, 2014-nji ýylda Astrahanda we 2018-nji ýylda Aktauda geçirildi. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň Astrahanda bolan IV sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan hemişelik hereket edýän Hazar ykdysady forumy döretmegi we onuň mejlislerini bäş döwletiň kenarýaka şäherlerinde gezekli-gezegine geçirmegi teklip edildi. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktauda geçirilen V sammitiň jemleýji resminamalarynda berkidildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda birinji ykdysady forumy geçirildi. Bu bolsa Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmekde, Hazaryň dünýä derejesindäki ähmiýetini artdyrmak üçin wajyp bolan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, hukuk binýady ösdürmekde möhüm ädim boldy.

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 6-njy sammiti Türkmenistanda geçiriljekdir. 28-njy iýunda Aşgabatda Hazarýaka ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygynda geçiriljek 6-njy sammite taýýarlyk maslahatlaşylar. Şeýle-de bäş ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary geçiriljek duşuşygynyň gün tertibine serediler.

Gülsenem HOMMADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok