TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ AJAÝYP GÖZELLIGINIŇ WASPÇYSY G.F.BABIKOW

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, türkmen suratkeşi Gennadiý Fýodorowiç Babikow 1911-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Rýazan guberniýasynyň uly bolmadyk Ranenburg şäherjiginde daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. 1919-njy ýylda admiral Kolçagyň toparyna garşy söweşde onuň kakasy aradan çykýar. Ejesi çagalary bilen Ržew şäherine dogan-garyndaşlarynyň ýanyna göçüp barýar, şol ýerde hem geljekki suratkeşiň mekdep ýyllary başlanýar. Kiçi ýaşlaryndan başlap, G. F. Babikow surat çekmeklik bilen gyzyklanypdyr. Atasynyň kömegi bilen ol atlary çekip, kagyzdan olaryň şekiljiklerini gyrkypdyr. Ýaş suratkeşiň ilkinji işi mekdep sahnasy üçin çekilen “Berýoza tokaýlygy” atly nakgaşçylyk bezegi bolupdyr. Surat mugallymy W. I. Korsakow ýetginjek oglanyň nakgaşçylyga bolan höwesini görüp, oňa suratkeş A. P. Şwedowyň ýolbaşçylyk edýän Ržewdäki çeperçilik studiýasyna girmegi maslahat berýär. 1927-nji ýylda heniz ol 16 ýaşyndaka suratkeşler studiýasyna gatnamaga başlaýar. Bir ýyldan soň, 1928-nji ýylda Gennadiý Babikow iki sany sergä gatnaşyp, zehin  başarnygyny açyp görkezýär 1929-njy ýylda rewolýusion Russiýanyň suratkeşler bileleşiginiň Ržewdäki şahamçasynyň 1-nji çeperçilik sergisinde G. F. Babikow üstünlikli çykyş edýär. Şol ýylda hem rewolýusion Russiýanyň suratkeşler bileleşiginiň Moskwadaky Merkezi studiýasyna okuwa girýär. Studiýada I. I. Maşkow, P. P. Sokolow-Skalýa, F. I. Newežin ýaly zehinli suratkeşler onuň mugallymy bolup, olar naturadan yzygiderli işlemäge, tebigaty ünsli öwrenmäge bolan söýgini, tutanýerliligi döredipdirler. Suratkeşiň birinji döredijilik işi 1931-nji ýylda etýud eseri bolupdyr. Bu etýud eserinde rus tebigatynyň ajaýyp gözelligini, aýratynlygyny dürli reňk öwüşginligi bilen ýerine ýetiripdir.

1933-nji ýylda “Ýaryş” atly diwar suratynyň diplom eskizini gorandan soň, suratkeş Ržew şäherine dolanyp gelip, şekillendiriş sungaty studiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Şonuň bilen bir wagtda peýzažlary we portretleri çekýär. 1935-nji ýylda suratkeş hemişelik Aşgabada göçüp gelýär. Güneşli we owadan Türkmenistan suratkeşi özüne maýyl edipdir. 1935-nji ýylda suratkeş hemişelik Aşgabada göçüp gelýär. Güneşli we owadan Türkmenistan suratkeşi özüne maýyl edipdir. Ylaýta-da urşuň öň ýanyndaky, 1941-nji ýyldaky sergi şeýle eserlere baýdy, oňa   I. I. Çerinko, Ý. P. Daneşwar, S. N. Begliýarow, B. Nuraly, G. F. Babikow şeýle hem Şota Rustaweli adyndaky türkmen Çeperçilik uçilişesini ilkinji gutaran suratkeşler gatnaşdylar. Beýik Watançylyk urşy ähli halk üçin bolşy ýaly suratkeşler üçin hem agyr synagdy. Şol ýylda Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen Gennadiý Babikow fronta gidýär. Ol general L. M. Dowatoryň 30 gwarder diwizasiýanyň hatarynda gulluk edýär. Frontda ussatlyk bilen söweşenligi üçin “Söweş üçin” medaly gowşyryldy. Bu ýyllarda urşyň agyr günlerini beýan edýän birnäçe eskizlerini döredýär. Gennadiý Fýodorowiçiň döreden işleriniň kömegi bilen 73 ýyl bäri ýitirim hasaplanýan leýtenant Iwan Razuwaýewiň ykbalyny bilmek mümkin boldy. 1945-nji ýylda Gennadiý Fýodorowiç uruşdan Aşgabada dolanyp gelýär we höwes bilen döredijilik ýoluny dowam edýär. 1952-nji ýylda suratkeş Bütinsoýuz oba hojalyk sergisinde Türkmen SSR-niň pawilýonynyň bezeg işine gatnaşýar. 1953-nji ýylda SSSR suratkeşleriniň döredijilik öýi hasaplanylýan Seneže ugradylýar. Moskwanyň görnükli suratkeşleri bilen gatnaşyk hem-de bilelikde işlemek onuň döredijiligine oňyn täsir edýär. Suratkeş indi öz hünär ussatlygyna has talapedijilikli çemeleşip başlaýar, munuň şeýledigine “Ostankino–Güýz”, “Howuz–Abramsewo”, “Tokaýa barýan ýol”, “Maý”, “Senež”, “Irki bahar”, “Bulutly gün” ýaly Moskwanyň eteginde ýerine ýetirilen liriki peýzažlar toplumy şaýatlyk edýär. Moskwa eteginde peýzaž çekmeklik G. Babikowa Türkmenistanyň tebigatyny suratlandyrmakda-da has dogry ýoly tapmaga ýardam etdi. 1953-nji ýylda suratkeş “Köpetdagyň eteginde” atly ilkinji ähmiýetli peýzaž eserini döretdi, bu eser suratkeşe meşhurlyk getirip, 1954-1955-nji ýyllaryň Bütinsoýuz çeperçilik sergisine gatnaşmaga hukuk berdi. Şol peýzaž eseri şeýle-de Moskwada türkmen sungatynyň on günlük sergisinde hem görkezildi. “Köpetdagyň eteginde” atly işinde suratkeşiň irki eserlerine mahsus bolan etýud häsiýetinde hem-de daşky täsire ymtylmadan daşlaşandygy mese-mälim duýulýar.

G. F. Babikow TSSR-iň hormatly suratkeşi (1968) diýip yglan edilýär. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy (1948-1950) bolup bellenildi. SSSR Suratkeşler Bileleşiginiň agzasy (Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň guraly bäri 1939-njy ýyldan bäri) bolýar. Ol Orta Aziýanyň sungatynda rus akademiki surat mekdebiniň wekilidir (1934-nji ýyldan bäri). Onuň eserleri Döwlet Tretýakow galereýasynda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Mink muzeýinde, Ržew Lerli Lora muzeýinde saklanylýar. Suratkeş 1993-nji ýylda Aşgabat şäherinde aradan çykýar. Gennadiý Fýodorowiç Babikow hakykata bolan ýatlama duýgusy ölmeýär. Şu günler hem G. Babikowyň döreden eserleri muzeýlerde öz beýanyny tapýar we Türkmen halkynyň söýgisini gazanyp bildi. G. F. Babikowyň döredijiligi güneşli Türkmenistana bolan söýgüsi, bu topragy özgerdijilere bolan mähir bilen gurşalandyr.

.

Öwezmyrdowa Ogulsona,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok