“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň sorag-jogap gullugy döredildi

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýardam bermeginde ýurdumyzyň islendik künjegine otluda syýahat etmäge isleg bildirýän müşderiler üçin sorag-jogap gullugy döredildi.

Müşderiler 086 gysga belgä jaň aýlamak bilen, ýolagçy peteklerini satyn almak we ýolagçy otlulary barada, hem-de ýolagçy wagonlarynyň aýratynlyklary barada özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary sorag-jogap gullugynyň operatorlaryndan alyp bilerler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok