2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Aşgabatda BMGÖM, Bütindünýä bankynyň karzy bilen maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasy boýunça sosial we daşky gurşaw borçnamalary barada giriş okuwyny gurady. Bütindünýä banky karz alyjylara maýa goýumlaryny almak bilen baglanşykly talaplarynyň arasynda käbir daşky gurşaw we durmuş töwekgelçilikleri aradan aýýyrmaklygy öňe sürýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan hereket edýän milli kanunçylyga we halkara öňdebaryjy tejribä laýyklykda taslamanyň daşky gurşaw we durmuş görkezijilerini gowulandyrmagy maksat edinýär.
Okuwyň diňleýjileri taslamanyň dürli gyzyklanýan taraplaryndan, ýagny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Sanitariýa we epidemiologiýa gullugy we “Türkmen lukmançylyk enjamlary” kärhanasy, Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň: “Keýik Okara”, “Beýik Eýyam” we Tebigaty goramak jemgyýetiniň “Tebigy Kuwwat” kärhanasy we BMG hyzmatdaşlary: ÝUNISEF we BSGG-nyň wekillerinden ybarat boldy.
Treningiň dowamynda “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň daşky gurşawy goramak we durmuş meseleleri boýunça hünärmeni Şöhrat Nyýazmyradow, Bütindünýä bankynyň durnukly ösüş düşünjesinden gelip çykýan on sany daşky gurşaw we durmuş standartyny bilen tanyşdyryp, olaryň gonüden-göni ýerine ýetirilýän taslama degişlilerini agzap geçdi. Şeýle hem, daşky gurşaw we sosial töwekgelçiliklerine baha bermek, olaryň täsirini ymykly azaltmak we dolandyrmak üçin degişli gurallary, şeýle hem her bir saglyk öýüniň, TSGDSM, BMGÖM we beýleki gyzyklanýan taraplaryň we taslamany durmuşa geçirýän hyzmatdaşlaryň orny barada belläp geçdi. Şeýle hem, taslama bilen baglanyşykly ähli daşky gurşaw we durmuş ugurlaryny düzgünleşdirýän esasy resminamalar, ýagny: “Daşky gurşawy goramak we durmuş meseleleri boýunça çarçuwaly resminama” we “Gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmegiň meýilnamasy” bilen içgin tanyşdyrdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda Ösüş Maksatnamasynyň Maksatnama Bölüminiň başlygy Röwşen Nurmuhamedow: “COVID-19-a jogap taslamasynyň çäginde BMGÖM bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar we şeýle hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem, şol sanda daşky gurşaw we durmuş töwekgelçiliklerini kesgitlemek we dolandyrmak babatynda hasam ysnyşykly häsiýete eýe boljagyna ynanýaryn”- diýdi. Taslamanyň adatdan daşary hasiýete eýe bolmagy sebäpli daşky gurşaw we durmuş borçlaryny ýerine ýetirmek aýratyn kyn mesele bolar we şonuň sebäpli ähli gyzyklanýan taraplardan aýgytly we çalt tagallalar zerur bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, BMGÖM, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we beýleki hyzmatdaşlaryň aýgytly herekete gemeklige meýillidiginden ugur alyp, taslamanyň daşky gurşawy goramak we durmuş meseleler babatynda oňyn netijelere getirmegine garaşylýar.
.
Çeşmesi: BMGÖM-niň Türkmenistandaky ofisi.
Teswirler