Durnukly ösüş barada geçirilen halkara olimpiadada türkmen ýaşlary üstünlikli çykyş etdi

Gazagystan-nemes uniwersitetiniň guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Durnukly ösüş maksatnamasynyň” çäklerinde talyplaryň halkara olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hem-de ýokarda ady agzalan ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar. Bu halkara Olimpiada Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň göreldeli talyplary hem maksatnamanyň 6, 7, 9, 11 we 13-nji ugurlary boýunça gatnaşdylar.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça bu uniwersitetiň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň dekany Röwşen Işangulyýewiň, şeýle hem şol fakultetiň mugallymy Tumar Akmyradowanyň taýýarlan talyplary 9 we 11-nji ugurlar esasynda aşakdaky baýrakly orunlara:
1. Laçyn Myratgulyýewa, Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Innowatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby – I orun;
2. Izzetow Rüstem, Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Innowatika hünäriniň 1-nji ýyl talyby – II orun.

6, 7 we 13-nji ugurlar boýunça Ekologiýa we ekologiki tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri Bahadyr Ýuldaşowyň taýynlan talyplary bolsa şu aşakdaly baýrakly orunlara mynasyp boldular:
1. Atageldiýewa Şeker, Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň Nanomateriallar hünäriniň 3-nji ýyl talyby – II orun;
2. Ataýewa Selbi, Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň Biotehnologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby – II orun;
3. Nazarowa Ymsymtäç, Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak hünäriniň 3-nji ýyl talyby – III orun.

Şeýlelik bilen, olimpiadanyň 2-nji tapgyrynda, ýagny döwlet derejesinde baýrakly orna mynasyp bolan Laçyn Myratgulyýewa sebitleýin geçiriljek 3-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Sähra Akmyradowa
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok