Garaşsyzlykdan öňki döwürde oba hojalyk önümleriniň köp mukdarda we dürli görnüşlerde öndürilmegine garamazdan azyk senagaty pes derejede ösendi hem-de ilatymyzy esasy önümler bilen ýeterlik ýagdaýda üpjün edip bilmeýärdi. Ýurdumyzda ilatyň azyk önümlerine bolan umumy isleginiň 60 göterimden gowragy importyň hasabyna üpjün edilýärdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilatyň azyk önümlerine bolan islegini doly derejede kanagatlandyrmak we bu ugurda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizildi. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň bazarlary süýt önümleri, peýnir, şöhlat önümleri, et konserwleri, konditer önümleri, miwe şireleri, alkogolsyz we spirtli içgileriň dürli görnüşleri bilen doly üpjün edildi.
Azyk bolçulygyny üpjün etmekde hususyýetçileriň paýy hem örän uludyr. Häzirki döwürde telekeçiler esasan et önümlerini, gaýtadan işlenen däneden dürli önümleri, mineral suwlary we alkogolsyz içgileri öndürýär. Azyk önümlerini öndürmeklikde uly bolmadyk, kiçi zawodlaryň gurlup işe girizilmegi öz oňyn netijesini berýär.
Azyk senagaty pudagynyň düzüminde et we süýt senagaty has uly ösüşe eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz boýunça birnäçe un üweýän uly toplumlar, elewatorlar, degirmenler işe girizildi. Aşgabatdaky galla önümleri kombinaty täzeden enjamlaşdyryldy. Türkmengalada un we unaş kärhanasy işe girizildi. Kärhanada her ýyl 40 müň tonnadan gowrak un çykarylýar we 17 müň tonna golaý unaş önümleriniň 18 görnüşi öndürilýär. Bu önümçilikler häzirki wagtda ilatyň un we unaş önümlerine bolan islegleriniň uly bölegini üpjün edýär
Süýt-ýag pudagynyň kadaly ösmegi üçin onuň çig mal binýdy ösdürilýär. Süýt maldarçylyk toplumlarynyň ösen ýerleri bolan Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat, Türkmenbaşy, Serdar, Baýramaly, Tejen, Kaka, Hazar, Köneürgenç, Atamyrat şäherleri ýurdumyzyň süýt senagatynyň merkezleridir. Ýurdumyzyň süýt işleýän kärhanalarynyň esasy öndürýän önümleri mesge, peýnir, gatyk, gaýmak, tworog, çekize, buzly gaýmak, süýt.
Ösümlik ýagyny öndürýän senagat ýurdumyzda irki döwürde dörän pudakdyr.
Köneürgenç, Daşoguz, Türkmenabat, Baýramaly we Serdar şäherlerinde ýerleşýän ýag öndürýän kärhanalarda pagta, günebakar, künji, üzüm, gawun, garpyz ýaly ekinlerden ýokary hilli, ilat tarapyndan uly isleg bildirilýän ösümlik ýaglary öndürilýär. Etrek etrabyndaky zeýtun bagyndan örän ýokary hilli, adam üçin iň peýdaly zeýtun ýagy öndürilýär. Häzirki wagtda döwletimiz boýunça 71 müň tonnadan gowrak arassalanmadyk ösümlik ýaglary öndürilýär.
.
Jeren Pälwanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler