Bil Geýts tomusda okamak üçin 5 kitaby maslahat berdi

Microsoft kompaniýanyň esaslandyryjysy Bil Geýts tomusda okamak üçin 5 sany kitap maslahat berdi. Soňky wagtlarda kitaplar bilen ünsi özüne jemleýän Geýts özüniň kitap okamak üçin wagtyny aýyrmaga uly üns berýär.

Microsoft-yň esaslandyryjysy, kitaplary kenarda okamagyň aňsat däldigini, emma gender deňliginden howanyň üýtgemegine çenli köp meseleleriň açylýandygyny aýtdy. Ol bu tomus üçin okamagyny maslahat berýän kitaplarynyň sanawy bolsa şulardan ybarat:

  • The Power – Naomi Alderman
  • Why we’re polorized – Ezra Klein
  • The Lincoln highway – Amor Towles
  • The ministry for the future – Kim Stanley Robinson
  • How the world really works – Vaclav Smil

Bil Geýts – “Micro­soft şe­re­ke­ti­ni“ esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň, şeýle hem dün­ýä­de iň baý we jo­mart ha­ýyr – sa­ha­wat­çy­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bil Geýts dün­ýä­de iň tä­sir­li şahsyýetleriň bi­ri­dir. Ol komp­ýu­ter se­na­ga­ty­nyň iň bel­li brend­le­ri­niň bi­ri­niň esas­lan­dy­ry­jy­sydyr.

Altyberdi HOJABERDIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok