Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem pajarlap ösýär. Biz talyp ýaşlara öz ukyp başarnyklarymyzy doly açyp görkezmäge, göz ýetimimizi giňeltmäge, dürli ugurlarda ylmy işler bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilýär.
Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilip geçilýän “Ylymlar güni” mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşigiň jemi jemlenip, dabaraly ýagdaýda ýeňijileri sylaglanylýar. Bu ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlary Güller Muhamowa we Gülbahar Serhenowa özleriniň ylmy işleri bilen bäsleşigiň ýeňijileri bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň şa serpaýyna eýe boldylar. “Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby Güller Muhamowa bäsleşige “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy Miwegözel Saparmyradowanyň ylmy ýolbaşçylygynda “N. Halmämmedowyň XIX asyryň halk bagşylaryň we şahyrlaryň goşgularyna ýazylan “Söýgi” wokal toplumynyň keşp duýgy mazmunynyň, gurluşynyň we garmoniki diliniň aýratynlyklary” atly tema bilen, “Türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby Gülbahar Serhenowa “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowanyň ylmy ýolbaşçylygynda “Türkmen bagşyçylyk sungatynda Görogly şadessanynyň Bezirgen şahasy” atly tema bilen gatnaşyp III baýrakly oruna mynasyp boldylar.
Biz hem talyp deň-duşlarymyza gelejekde döredijilik äleminde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
.
Azym ÇARYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.
Teswirler
Her ýylyň 12- nji iýunynda bellenilýär Ylymlar guni. 14 ne däl