“Pi” sany 100 trillion basgançaga çenli hasaplanyldy

2019-njy ýylda “pi” sanyny 31,4 trillion basgançaga çenli hasaplamagy başaran kompýuter programmisti Emma Haruka Iwao täze rekord goýdy. Ol 3 ýyl mundan öň goýan rekordyny 100 trillion basgançaga çenli hasaplap, dünýä rekordyny täzeledi.

“Pi” sany, tegelegiň daşyny diametri bilen bölenimizde alýan gatnaşykdyr. “Pi” sany 3.14-e deňdir.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda bu işe başlan Iwao, şol bir gurallary we usullary ulanandygyna garamazdan öňki hasaplama prosesinden has çalt öňe gidişlik gazandy. Iwao, öz hasaplamalary barada blog ýazgysynda ilkinji gezek rekord goýlanda kompýuteriň takmynan 19,000 TB maglumatlary gaýtadan işländigini, ýöne bu gezek 100 trilliona çenli bolan sanlary hasaplamak üçin 82,000 TB maglumaty gaýtadan işlemegiň zerur bolandygyny aýtdy.

Şu ýylyň mart aýynda, Şweýsariýanyň Graubünden uniwersitetiniň gözlegçiler topary “pi”-niň onluk bahasyny 62,8 trillion basgançaga çenli hasaplamak bilen dünýä rekordyny täzeläpdiler.

Jeren MÄMMEDSAHATOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok