Alymlar -35 dereje hem işläp bilýän batareýany oýlap tapdylar

Alymlar sowukda işlemeýän we pes temperaturada ömrüni gysgaldýan batareýalar üçin çözgüt tapdylar. Bu çözgüdiň kömegi bilen batareýalar -35 dereje-de oňat işleýär.

Batareýalar durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Şeýle-de bolsa, batareýalar käwagt gaty sowuk we yssy howada işlemeýär, käwagt bu aşa yssy we sowuk howa batareýanyň ömrüni çynlakaý gysgaldyp bilýär. Bu meseläni çözmek üçin Hytaýyň himiýa inženerleri we alymlary aşa pes temperaturada, hatda noldanam pes temperaturalarda işläp bilýän batareýany döretdiler.

Bu batareýa adaty litiý-ion batareýalary bilen deňeşdirilende aşa pes temperaturalarda-da oňat işläp bilýändigi sebäpli, sowuk sebitlerde ulanylýan smartfonlardan awtoulaglara çenli köp ýerde indi hiç hili kynçylyksyz işläp biler. Hatda – 35 derejede işleýän bu batareýalar adaty batareýalar bilen deňeşdirilende birneme üýtgeşik gurluşda düzülendir.

Adatça batareýalarda duş gelýän grafit, batareýanyň işlemegi üçin iň möhüm böleklerden biridir. Ýöne inženerler batareýalaryň içindäki grafiti kobalt bilen çalşyp, batareýalaryň has uzak dowam etmegine we has pes temperaturalara çydamly bolmagyna mümkinçilik berdiler. Bu täze batareýalar häzirlikçe sagat batareýasynyň ululygynda öndürilip, synagdan geçirileninden soň, ýakyn günlerde beýleki tehnologiýa önümlerinde hem ulanylyp başlanar.

Islam AŞYROW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok