Ylma esaslanýan ösüşler – aýdyň geljegiň girewi

Dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde ylmyň, bilimiň, medeniýetiň we döredijilik başlangyçlaryň mümkinçilikleri çäksizdir. Ýurduň   parahatçylygyny  we ösüşini  üpjün etmekde ylym-bilimiň orny örän uludyr. Ylmyň kämilleşmegi bilen jemgyýet hem kämilleşýär. Türkmenistan ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýar.

Ylym-bilimiň jemgyýetiň, döwletiň ösüşindäki ornuny nazara almak bilen, ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýuny “Ylymlar güni” hökmünde giňden bellenilip geçirilýär. Bu mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, welaýat merkezlerinde, ylym-bilim ojaklarynda dürli mowzukdaky ylmy-amaly maslahatlar,  sergiler gurnalyp, ylym-bilim ulgamyndaky  gazanylan üstünlikler  aýdym-sazly dabaraly çykyşlarda aýdyň beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow  ylmyň jemgyýetçilik hyzmatyna örän ýokary baha bermek bilen,  “Häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwaty we gülläp ösmegi ilkinji nobatda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşi, milletiň intellektual derejesi bilen kesgitlenilýär…” – diýip  belleýär. Bu bolsa ylym-bilim işgärleriniň öňünde döwrebap ylymly, bilimli ýaş nesilleri ýetişdirmek wezipesini goýýar. Häzirki zaman ylmynyň ösüşini üpjün etmekde esasy meselelerden biri hem  döwrebap ylmy işgärleri ýetişdirmekden,  olaryň ýokary hilli bilime eýe bolmaklaryny, ösen jemgyýeti  kemala getirmeklerini gazanmakdan ybaratdyr.

.

Bahar AKGYLYJOWA,

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki
19-njy orta mekdebiniň himiýa mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok