Plastmassalar bilen iýmitlenýän soguljan görnüşi tapyldy

Alymlaryň tebigat bilen baglanyşykly gözlegleri netijesinde tebigatda bar bolan plastmassalar bilen iýmitlenýän soguljan görnüşiniň üsti açyldy. Aýdylşyna görä, täze tapylan soguljan görnüşi tebigata ýetirilýän zyýanyň öňüni alyp biler.

Awstraliýadaky Kwinslend uniwersitetiniň alymlary tarapyndan tapylan, plastmassalar bilen iýmitlenýän soguljan “Zophoas morio” diýlip atlandyryldy. Beýanata görä, bu jandar iýýän plastmassalaryny içegesinde bar bolan fermentleriň kömegi bilen siňdirýär. Alymlar soguljanlary üç hepdäniň dowamynda dürli iýmitler bilen iýmitlendirdiler. Netijede, bu soguljanlaryň näçe köp plastmassa iýdigiçe öz agramyny artdyrýandygyny gördüler. Gözlege gatnaşan alymlar bu soguljanlaryň tebigat üçin gaýtadan işleýän desga bolup biljekdigini öňe sürýärler.

Häzirki wagtda belli bir şertlerde bu soguljanlary köpeltmek göz öňünde tutulýar. Netijede bolsa, planetamyza uly zyýan berýän plastmassa garşy ulanmak maksat edinilýär. Şol sanda, alymlar geljekde soguljanlaryň içege bakteriýalarynyň muny nädip edýändigine molekulýar derejede düşünmek bilen, bioplastika önümçiliginde ulanyp boljakdygyny nygtalýar.

Aknabat NURYÝEWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok