GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my geçirildi


9-njy iýunda Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Sankt-Pe­ter­burg şä­he­rin­de “Ýaş par­la­men­ta­ri­ler — Ar­ka­la­şy­gyň gel­je­gi­ne ga­ra­ýyş” at­ly şy­gar as­tyn­da, GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my­ geçirildi. Bu çä­re iki şan­ly se­nä — GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na hem-de onuň çäk­le­rin­dä­ki Ýaş­lar par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň 10 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy. Fo­rum GDA ýurt­la­ry­nyň par­la­ment­le­ri­niň we­kil­le­ri­ni, ýaş­lar par­la­men­ta­ra as­samb­le­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry­ny, ýaş­lar jem­gy­ýet­çi­lik dü­züm­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­di.

Fo­ru­myň gün ter­ti­bi­ne ýaş­la­ryň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di, hä­zir­ki döw­rüň we­him­le­ri hem-de ýaş­la­ryň jem­gy­ýet­çi­lik dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň eýe­le­ýän or­ny, GDA gi­ňiş­li­gin­de ýaş­la­ryň par­la­ment dü­züm­le­ri­niň tej­ri­be­si, ola­ry ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň Ýaş­lar par­la­men­ta­ra fo­ru­my­nyň açy­ly­şyn­dan soň­ra, oňa gat­na­şy­jy­la­ra söz be­ril­di. Rus­si­ýa­nyň, Azer­baý­ja­nyň, Be­la­ru­suň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Türk­me­nis­ta­nyň par­la­ment­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de we­kil­le­ri­niň çy­kyş­la­ry diň­le­nil­di.

Mälim bolşy ýaly, 1992-nji ýy­lyň mart aýyn­da esas­lan­dy­ry­lan GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy he­re­ket ed­ýän 30 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da özü­ni par­la­men­ta­ri­le­riň hal­ka­ra de­re­je­de üs­tün­lik­li hyz­mat­daş­ly­gy üçin ne­ti­je­li dü­züm hök­mün­de gör­kez­di. Şu döw­rüň do­wa­myn­da GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan GDA gat­na­şy­jy döw­let­le­riň umu­my ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk bin­ýa­dy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len 600-den gow­rak ka­nun ka­bul edil­di. Mu­nuň özi GDA-nyň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyn­da köp san­ly oňyn tek­lip­ler­dir tas­la­ma­lar bo­ýun­ça baş­lan­gyç­lar bi­len çy­kyş ed­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Güller JORAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok