Hemmämiziň bilşimiz ýaly adamzadyň kosmos gözlegleri gün-günden tizleşýär. Kosmosyň çuňlugynda gözlegler dowam edýärkä, bu ugurdaky gözlegler Ýer ýüzünde hem alnyp barylýar.
Hytaýly alymlar ýakyn ýyllarda ýene-de kosmonawtlary ibermegi meýilleşdirýän Ýeriň ýeke-täk tebigy emeli hemrasy Aý bilen baglanyşykly möhüm ösüş gazandylar. “Science” žurnalynda çap edilen makalada aýdylyşyna görä, gözlegçiler Aýyň häzirki wagta çenli iň jikme-jik kartasyny döretmegi başardylar.
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Geohimiýa institutynyň we beýleki guramalaryň gözlegçileri tarapyndan taýýarlanan bu kartanyň masştaby 1/2 500,000 bolup, onda Aýdaky gaýalar, kraterler we çöketlikler ýaly köp jikme-jik maglumatlar bar. Alymlar bu takyk kartany düzmek üçin, mundan öň dürli ýurtlar tarapyndan toplanan geologiki maglumatlardan peýdalanandyklaryny bellediler.
Netijede, gözlegçiler kartada 12, 341 sany krateri, 81 sany uly gaýany 17 sany çöketligi öz içine alýan we Aýyň ewolýusiýasy barada köp maglumatlary öz içine alýan iň takyk kartany döretdiler.
Gülnar POLADOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň talyby.
Teswirler