Baku energetika forumy

2-nji iýunda penşenbe güni Bakuda (Azerbeýjan), energetika hepdeliginiň çäginde Hazaryň nebit we gaz konferensiýasynyň Baku energetika forumy başlady. Bu çäre, Azerbaýjanyň Energetika ministrligi we Azerbeýjanyň Döwlet Nebit Kompaniýasy (SOCAR) tarapyndan resmi taýdan goldanylýar. Bu forumyň guramaçylary bolup, Iteca Caspian we onuň halkara hyzmatdaşlary çykyş edýär.

Eýranyň nebit ministri Jawad Oji foruma gatnaşmak üçin Baku şäherine geldi. Üç günlük saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek barada gepleşikler geçirildi we sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyldy.

Energetika hepdeligine gatnaşyjylar üçin “Dürli aýratynlyklary bolan nebit önümlerini saklamak we üpjün etmek üçin yzygiderli zynjyry dolandyrmak” sessiýasy, “Nebit pudagynda HSE-dolandyryş” konferensiýasy, şeýle hem gatnaşýan kompaniýalaryň çykyşlary taýýarlanyp görkezildi. Forumyň ilkinji iki güni Baku şäheriniň Kongres merkezinde geçirildi, şondan soň halkara çärä gatnaşyjylar Azerbaýjanyň erkin ýerlerine gezelenje gitdiler.

Energetika forumynyň soňky güni we şowhunly ýapylyş dabarasy 4-nji iýunda Karabahyň merkezinde – Şuşa şäherinde geçirildi. Bu ýyl bu çärä 20 ýurtdan 400-den gowrak delegat gatnaşdy we bu meýilnama 50 gürleýjiden 25 mowzugy öz içine alýar.

Şeýle hem, Hazar sebitinde täze önümçilik mümkinçilikleri, gaz ýollary, nebiti gaýtadan işlemek we nebit-himiýa taslamalaryny maliýeleşdirmek meselesi göz öňünde tutulýar.

.

Döwlet JUMAGYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklaryfakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok