TÜRKMEN DÜNÝÄSI: Kesbinden kemal tapan halypa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri döwrebap milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösüş döwri boldy. Häzirki wagtda biziň döwürdeş şahyrlarymyzdyr ýazyjylarymyz, suratkeşlerimiz we heýkeltaraşlarymyz Garaşsyz Türkmenistanyň medeni durmuşynyň taryhynda täze sahypalary ýazýarlar. Milli medeniýetimiz geljekki ösüşi üçin täze kuwwatly depgine eýe bolup, medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde döredijilik we hünär taýdan ösmek üçin uly mümkinçilikler açyldy. Ajaýyp zamanamyzda döredijilikli zähmet çekip, gaýtalanmajak eserleri bilen tanalan halypa heýkeltaraşlarymyzyň biri hem Türkmenistanyň Halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedowdyr. Ol 1941-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabat şäherinde dünýä inýär.

Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň surat çekmeklige we palçykdan heýkeljikleri ýasamaklyga bolan höwesi çagalyk ýyllarynda ýüze çykýar. Ol köplenç kakasynyň işleýän kitaphanasyna gelip, taryh, sungat hakdaky kitaplary okapdyr, surat çekip, ýönekeýje şekilleri ýasapdyr. Orta mekdebi tamamlandan soň (1957), sungata bolan çäksiz gyzyklanmasy ony Aşgabatdaky Ş. Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişesine getirýär. Ol ýerde G. Ýarmämmedow uly yhlas bilen heýkeltaraşlyk sungatynyň esaslaryny öwrenip başlaýar. Uçilişede oňa heýkeltaraşlyk hünäri boýunça W. Çudinow, P. W. Popow, A. Şetinin ýaly öz işiniň ökde hünärmenleriniň elinde okamak miýesser edýär. G. Ýarmämmedowyň eýýäm ilkinji döreden heýkel eserleri onuň hünär saýlamakda äden dogry ädimlerini ýüze çykardy. Uçilişedäki diplom işi “Göleli gyzjagaz” diýip atlandyrylyp, oba temasyna, institutda bolsa, enäniň – zenan maşgalanyň gözelligini hem-de güýjüni şöhlelendirýän “Enelik” atly eseri zenanlaryň keşbine bagyşlanypdyr. G. Ýarmämmedow Türkmen Döwlet çeperçilik uçilişesini üstünlikli tamamlap (1962), Moskwanyň W. L. Surikow adyndaky çeperçilik institutyna okuwa girýär hem-de N. W. Tomskiý, M. F. Baburin ýaly belli professorlaryň elinde heýkeltaraşlyk hünäri boýunça bilimini kämilleşdirýär. Tejribeli mugallymlar öz bilimi, zehini, göreldesi bilen erjel türkmen ýigide heýkeltaraşlygyň jadyly dünýäsine aralaşyp, onuň inçe syrlaryny oňat özleşdirmäge ýardam edipdirler. Ol bu hünäriň çylşyrymlydygyna, juda köp bilimi, erjelligi hem-de tutanýerli zähmeti talap edýändigine gowy düşünipdir. Soň-soňlar hem, talyplyk ýyllaryny ýada salanda, heýkeltaraş institutda alan biliminiň üsti bilen öz döredijiliginde üstünliklere ýetendigini minnetdarlyk bilen belläp geçýär. 

Heniz talyplyk döwürlerinde ol türkmen ýigidiniň öz halkyna wepalylygyny, edermenligini, gaýduwsyzlygyny alamatlandyrýan, “Türkmen ýigidiniň portreti” ady bilen tanalýan seljuklynyň keşbini döredýär. 1968-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, öz bilim alan uçilişesinde heýkeltaraşlyk sungaty boýunça bilim berip başlaýar. Mugallymçylyk käri bilen birlikde täze heýkel eserleri döretmek bilen hem meşgullanýar. Heýkeltaraşyň hünär ussatlygy ýyl-ýyldan ösüp kämilleşipdir. Onuň ýasan heýkelleri halkyň söýgüsini gazanypdyr. 1969-njy ýylda Gylyçmyrat Ýarmämmedow Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolýar.

1960-1980-nji ýyllarda G. Ýarmammedowyň döredijiliginde çeper serişdeleriň dürli gözlegleri duýulýar. Onuň Aşgabat şäherinde “Heýkeltaraşlyk we grafika” atly birinji gatnaşan sergisinde we gaýry toparlaýyn sergilerde (1981) görkezen eserleri heýkeltaraşyň gazanan meşhurlygyna şaýatlyk edýär. Şol döwür Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň, şeýle-de zähmet gahrymanlarynyň keşbini şekillendirýän köpsanly ýadygärlikleriň döremegi bilen häsiýetlendirilýär. G. Ýarmämmedowyň Mary şäherinde “Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine” bagyşlanyp goýlan heýkel ýadygärligi (binagär W. Ataýew, 1975 ý.); W. Birýukow hem-de binagär A. Swetkow bilen awtordaşlykda döredilen “Çelekende nebiti ilkinji açyjylara bagyşlanan ýadygärligi” (1978) şeýle häsiýetdedir. Bulardan başga-da, heýkeltaraşlar M. Luşnikow, M. Nurymow, binagär W. S. Kubasow bilen awtordaşlykda döredilen “Keminäniň ýadygärligi” hem täsirlidir. Onuň döredijiliginde monumental we monumental-haşam heýkeltaraşlygyň okgunly ösüşi bolup geçýär. Muňa şäher gurluşygyň çaltlaşdyrylan ösüşi hem belli bir derejede itergi berip, onuň netijesinde dürli-dürli heýkel ýadygärlikleri ýüze çykypdyr.

G. Ýarmämmedowyň portret heýkelleri taryhy şahsyýetlere, Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlara (“Beýik Watançylyk urşunyň gahrymany Gurban Durdynyň portreti”, 1970), edebiýat we sungat işgärlerine (“Mollamurtyň portreti”, 1974, “Kompozitor Weli Muhadowyň portreti”, “Heýkeltaraş Ýedinazar Madatow”, “Kakamyrat Baýlyýewiň portreti”, 1982) hem-de ýönekeý zähmetkeşlere (“Gowurdak işçileri”) bagyşlanýar. “Dutarçy”, “Küýzegär” (1976), “Gyjakçy” we şular ýaly bürünçden ýasalan kiçi ölçegli heýkel eserleri hem aýratyn gyzyklanma eýedir.

G. Ýarmämmedow heýkeltaraşlyk sungatynyň dürli žanrlarynda eser döretmekde möhüm tejribä eýedir. Onuň işlerinde hakyky hünär ussatlygyny heýkeltaraşlyk sungatynyň şekillendiriş serişdeleriniň çeper mümkinçiliklerini baýlaşdyrmak üçin çeken dowamly zähmeti çuňňur manyly eserleriň döremegine eltýär. Bu sungatyň çeper serişdeleriniň gözlegleri esasynda heýkeltaraşyň “Ymtylyş” (1972), “Dzýudo” (1979) ýaly eserleri döredi.

G. Ýarmämmedowyň döredijiliginiň bütin dowamynda gowy görülýän temalar hökmünde taryh hem-de halk döredijiligi aýratyn orun eýeleýär. Şol bir wagtda-da ol elmydama taryhy esaslara, döwrüň anyk egin-eşiklerine, bezeg şaý-seplerine we islendik daşky alamatlara eýerýär. Onuň “Oguzlar”, “Turanly” (1972-1973), “Rodoguna” (1978), “Atyň üstündäki seljuk” (1983), “Suwa barýan Şirin” (1988-1989) ýaly eserleri heýkeltaraşyň öz halkynyň taryhyny, däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny üns bilen öwrenendigini subut edýär. Nurmuhammet Andalybyň “Leýli-Mejnun” dessanynyň esasynda 1983-nji ýylda “Mejnun” atly eser sergide görkezilip, onda suratkeş aşa söýgüsi zerarly ejir çekýän ýetginjegiň çuňňur oýa batan ýagdaýyny gapma-garşylykly göwrümleriň üsti bilen açyp görkezýär. Halk döredijiligi heýkeltaraşa gahrymanynyň içki duýgularyny ýüze çykarmaga ýardam edýär. Heýkeltaraşlyk sungatynda bitiren işleri üçin Gylyçmyrat Ýarmämmedow 1983-nji ýylda “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Heýkeltaraş kiçi ölçegli heýkel eserleri bilen bir wagtda uly göwrümli heýkelleri döretmekde-de öz goşandyny goşdy. Ol 1990-njy ýyllarda portret žanrynda üstünlikli işläp, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň keşplerini döretdi. Bu ýerde “Ýunus Emräniň heýkelini” (1991) belläp geçmek bolar.

Türkmenistan ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygyny alandan soň, medeniýetiň we sungatyň ösmegi üçin has-da giň mümkinçilikler döredildi. Milli we ruhy gymmatlyklary dikeltmek, baý taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek we gorap saklamak, medeniýet we sungat ulgamlaryny ähli babatda ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şol esasda medeniýet işgärleri dünýäniň dürli ýurtlaryna aýlanyp, ol ýerlerde döredijilik işgärleri bilen duşuşdylar, döreden eserleri bilen tanyşdylar hem-de muzeýlere we beýleki medeni edaralara baryp gördüler.

Täze döwürde emele gelen düşünjeleri, giň dünýägaraýyşlary, öňdebaryjy pikirleri durmuşa geçirmek, olaryň taryhy şertliligine düşünmek suratkeşleriň döredijiliginiň esasy maksadyna öwrüldi. Şolaryň hatarynda Gylyçmyrat Ýarmämmedow hem daşary ýurtlaryň çäginde gurnalýan sergilere, geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşýar. Onuň dürli ýordumlarda, dürli žanrlarda döreden eserleri ABŞ, Wengriýa, Norwegiýa, Italiýa, Polşa, Fransiýa, Türkiýe ýaly döwletlerde sergilere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Dünýä derejesinde ykrar edilen heýkeltaraşyň eserleri Tretýakow galereýasynda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde we ençeme ýurtlaryň şahsy ýygyndylarynda saklanýar.

Ol Aşgabatda, ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde gurulýan uly göwrümli ýadygärlik taslamalaryny döretmeklige işjeň gatnaşýar. Garaşsyzlyk binasynyň töwereginde (2000) heýkeltaraşyň Gorkut Ata, Görogly, Keýmir Kör, Baýram Han, Alp Arslan ýaly meşhur taryhy şahsyýetlere bagyşlap döreden heýkel ýadygärlikleri ýerleşýär. Mundan başga-da heýkeltaraşa “Ylham” seýilgähinde (2010) oturdylan heýkelleriň hem aglabasy degişlidir. G. Ýarmämmedow bilen birlikde Babasary Annamyradow, Nurmuhammet Ataýew, Saragt Babaýew halypa heýkeltaraşlar hem ýadygärlikleriň gurluşygyna işjeň gatnaşdylar. Köpsanly monumental eserleriň döredilmegi – ençeme kitaplaryň, žurnallaryň okalmagynyň, degişli döwrüň aýratynlyklaryny öwrenmegiň, köp ýyllyk tutanýerli zähmetiň miwesidir. Heýkeltaraşyň taslamasy boýunça oturdylan ýadygärlikler Aşgabatda, Maryda, Balkanabatda şäher görnüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen çuňňur halky, şol bir wagtda-da täzeçil eserler türkmenleriň tagzym edýän buýsançly ýerlerine öwrüldi. Şekillendiriş sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşup, uly işleri bitiren heýkeltaraş 2009-njy ýylda “Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň hormatly agzasy”, 2010-njy ýylda bolsa “Türkmenistanyň Halk suratkeşi” diýen ada mynasyp boldy.

80 ýaşy arka atan halypa heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergiler jaýynda ýaş suratkeşler Mämmet hem-de Seljuk Ýarmämmedowlar bilen bilelikde gurnan “Geljek üçin geçmiş hakynda” atly döredijilik sergisi sungata ýugrulan maşgalanyň ýokary ussatlyk hem çeperçilik başarnygyny doly ýüze çykarýar. Sergide görkezilýän eserleriň her biri sungat dünýäsiniň özboluşly hem gaýtalanmajak nusgalary hökmünde kabul edilýär. Halkyň gyzgyn söýgüsini gazanan Gylyçmyrat Ýarmämmedow sungatyň yzygiderli öwrenilmegi, sazlaşygy, tertip-düzgüni, deňölçegliligi talap edýän üýtgeşik dünýädigine çuňňur düşünip, elmydama belli heýkeltaraşlaryň döreden eserlerini öwrenýär. Onuň döredijiligine dogruçyllyk, hakykylyk we işjanlylyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda heýkeltaraşlyk hünäri boýunça mugallym bolup işlän (1994-2003) döwründe we ondan soňky ýyllarda ol ýurdumyzda ýaş heýkeltaraşlaryň kemala gelmegi üçin uly goşant goşdy. Ol köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini we ussatlygyň inçe syrlaryny zehinli ýaşlara öwredýär. Häzirki wagtda halypa heýkeltaraş erkin suratkeş hökmünde öz döredijilik ussahanasynda işläp, döredijilik işi bilen ýaş hünärmenleri taýýarlamak işini dowam edýär. Ol öz hünärini ýürekden söýýär we elmydama oňa wepalylygyny saklaýar, döredijilik şatlygyny we bagtyny öz hünärinde görýär. Ussat üçin esasy maksat milli sungatymyza hyzmat edip, ýurdumyza we halkymyza gulluk etmek, tutuş ömrüni bagyş eden sungatynyň Watanymyzyň geljegini ösdürjek ýaş hünärmenlerde öz mynasyp dowamyny tapandygyny görmekden ybaratdyr.

.

Çarymyrat Ýazmyradow,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok