TTweII Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biri boldy

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Times Higher Education (THE)» žurnaly tarapyndan düzülýän sanawda “Asia University Rankings — 2022” dünýä reýtingine girmegi başardy. Bu barada timeshighereducation.com web saýtyna salgylanmak bilen salamnews.tm saýty habar berýär.

Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň öňdeligini eýelän bu sanawda, 31 sebitden 616 ýokary okuw jaýy bar. Bu sanawy ilkinji gezek goşulan uniwerstitetleriň hem bardygy bellärliklidir. muňa mysal edip Pakistanyň ýokary okuw jaýyny görkezip bolar. Saýtda habar berilmegine görä, ilkinji 100 orunda Saud Arabystany Patyşalygynyň uniwersitetleriniň sany 4-den 6-a çykdy.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty özüniň üstünliklerini dowamly ýetirip durýar. Ýatlap geçsek, ýokary okuw jaýynyň mugallumy bolan Tahyr Nazarow “2021-nji ýylyň hünärmeni” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijilerinden biri bolmagy başarypdy. 2021-nji ýylyň ahyrlarynda bolsa, «UI Green Metric World University Ranking 2021» dünýä derejesindäki reýtinge girmegi başardy.

Döwlet AHMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok