Dünýädäki iň uly ösümlik: 180 km çenli uzaýar

Awstraliýanyň günbatar kenarlaryndan dünýäniň iň uly ösümligi tapyldy. Bu barada euronews-yň internet sahypasy habar berýär.

Günorta Awstraliýadaky Flinders uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň gözlegçileri Şark aýlagynda 180 kilometr uzynlykdaky deňiz otunyň tapylandygyny habar berdiler. Takmynan 200 inedördül kilometre ýaýran “Posidonia australis” görnüşiniň ägirt uly organizmi bolan deňiz otunyň, azyndan 4500 ýyl töweregi ösüp gelýänligi çak edilýär.

Gözlegçiler bu ösümligiň beýleki ösümliklere garanyňda özünde iki esse köp hromosomanyň jemlenendigini we ösümlüge zyýan ýetirilmedik ýagdaýynda ýene-de ösmegini dowam etdirjekdigini bellediler. Gözlegeçiler topary bu üýtgap durýan ýagdaýlarda ösümligiň nädip şu günlere ýetip gelenligini anyklamak üçin özleriniň gözleg işlerine dowam etdirýärler.

Bibimerýen GUWANJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok