Türkmen döwlet maliýe insituty ykdysadyýet boýunça internet olimpiadasyny geçirdi

Türkmen döwlet maliýe insituty Türkmenistanda her ýyl 12-nji iýunda bellenýän – Ylymlar güni mynasybetli talyp-ýaşlaryň arasynda ykdysadyýet boýunça internet olimpiadasyny geçirdi. Bu baradaky habary Türkmen Döwlet habarlar agentliginiň «Altyn asyr» elektron gazeti ýetirýär.

Ýurdumyzdaky 13 ýokary okuw mekdeplerinden 50 töweregi talybyň gatnaşmagynda geçirilen bu bäsleşikde, jemi 4 ýeňiji we 22 baýrakly orunlara mynasyp bolanlar yglan edildi. Birinji orny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkmen döwlet maliýe instituty paýlaşdy. Netijede (Birinji orunlar):

  • Şirin Garaýewa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti)
  • Humaý Gurbannazarowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti)
  • Bägül Jumaýewa (Türkmen döwlet maliýe insituty)
  • Ysmaýyl Jumanyýazow (Türkmen döwlet maliýe insituty)

Olimpiada makroykdysadyýet, maliýe-karz, sanly ykdysadyýet boýunýa 50 soragdan ybarat synag görnüşinde döwlet dilinde geçirildi. Her dogry jogaba 2 utuk berildi. Bäsleşikde baýrakly ýerler iň köp utuk gazanan talyplaryň arasynda bölündi. Baýramçylyk olimpiadasynyň ýeňijileri degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.

Aýlar GURBANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok