Ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň derejesi baradaky maglumatlar sanly ykdysadyýetiň reýtingini berýärler. Ilkinji nobatda, Ýewropanyň sanly ykdysadyýetiniň we jemgyýetiniň indeksi (Digital Economy and Society Index-DESI, www.ec.europa.eu) berilýär. ÝB‑niň 28 ýurduny hasaba alan DESI-2017-ä laýyklykda, ilkinji bäşlikde Daniýa, Finlýandiýa, Şwesiýa, Niderlandiýa, Lýuksemburg, soňky orunlarda bolsa Italiýa, Bolgariýa, Rumyniýa ýerleşýär.
Jemleýji indeks üçin ballary berýän 5 sany subindeksleriň has wajyplary hökmünde aşakdaklary bellemek gerek:
1) Birikdirilmegiň gerimi – bu 8 görkezijiniň arasynda agramy boýunça ortaça 0,25 bolup, giň zolakly aragatnaşyga stasionar elýeterliligi bolan öý hojalyklarynyň paýy, giň zolakly aragatnaşyga birikdirilen öý hojalyklarynyň paýy, giň zolakly aragatnaşyga mobil aragatnaşyk bilen birikdirilen öý hojalyklarynyň paýy, 4G-aragatnaşygyň paýy, NGA (Next Generation Access) aragatnaşygy bolan hojalyklaryň paýy, giň zolakly aragatnaşygyň NGA elýeterliliginiň paýy, ortaça girdejide giň zolakly aragatnaşygyň bahasynyň paýy;
2) Adam maýasy – bu 4 görkezijiniň arasynda agramy boýunça ortaça 0,25 bolup, Internet-ulanyjylaryň sany, MAT-kompetensiýalar, MAT-hünärmenleriň paýy, şeýle hem tebigy ylymly we inžener bilimli hünärmenleriň paýy;
3) Ilatyň Internet hyzmatlaryndan peýdalanmagy – bu 7 görkezijiniň arasynda agramy boýunça ortaça – 0,15 bolup, onlaýn habarlary, sazlary, wideo oýunlary, wideolara ýazylan wideojaňlary, sosial torlary, Internet-banking, e-söwdany ulanýan şahslaryň paýy;
4) Sanly tehnologiýalar bilen işewürligiň integrasiýasy – bu 8 görkezijiniň arasynda agramy boýunça ortaça 0,20 bolup, elektron resminama dolanyşygy, RFID (radio ýygylykly identifikasiýa), sosial torlarda müşderiler bilen aragatnaşyk, elektron hasap-fakturalar, bulutlaýyn hyzmatlary peýdalanyjylar, Internet-söwdany alyp barýankiçi we orta telekeçiligiň paýy, söwda dolanyşygynda Internet-söwdanyň paýy, beýleki ýurtlar bilen kiçi we orta telekeçiligiň elektron dolanyşygynyň paýy;
5) Sanly döwlet hyzmatlary – bu 4 görkezijiniň arasynda agramy boýunça ortaça 0,15 bolup, e-hökümetiň hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň paýy, bu hyzmatlaryň çylşyrymlylyk derejesi, e-hökümetiň hyzmatlarynyň amala aşyrylan hyzmatlardaky paýy, açyk maglumatlaryň indikatory. Şeýlelikde, ballary jemlemek üçin 31 sany görkeziji ulanylýar. Bu görkezijileriň esasylarynyň arasynda ÝB üçin ortaça bahalary hökmünde aşakdakylary bellemek bolar: – Ýewropanyň jaýlarynyň 76%-inde Internet ulgamyna tizligi 30Mbit/s-dan az bolmadyk giň zolakly elýeterlilik bar; – 4G mobil hyzmaty ÝB-niň ilatynyň 84%-inde bar; – zähmet resurslarynda MAT-hünärmenleriniň paýy – 3,5%; – ýewropalylaryň 44%-inde MAT-başarnyklary ýok (e-mail, ýazgylary redaktirlemek); – girdejiniň 1,2%-i giň zolakly elýeterlilige sarp edilýär; – ýewropalylaryň 79%-i Internet ulgamyny hepdede iň bolmanda 1 gezek ulanýarlar; – Internet-ulanyjylarynyň 78%-i Internetden aýdymlary, filmleri, oýunlary ýükleýärler; – ýewropaly Internet-ulanyjylaryň 70%-i onlaýn täzelikleri okaýarlar; – 63%-i sosial torlary ulanýarlar; – 66%-i onlaýn söwdalary amala aşyrýarlar; – 59%-i onlaýn bankingi ulanýarlar; – 39%-i Internet ulgamyny jaňlar üçin peýdalanýarlar; – ÝB firmalarynyň 18%-i elektron hasap-fakturalary iberýärler; – firmalaryň 20%-i Internet ulgamyny müşderiler bilen aragatnaşygy saklamak üçin peýdalanýarlar; – 34%-i onlaýn formalaryny kagyz nusgasyz doldurýarlar.
.
Gülnura Orazberdiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler