5-nji iýun – Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni — eýýam birnäçe ýyllar bäri dünýäniň ähli künjeginde we ýurdumyzda bellenilýär. Bu sene öz taryhyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasyndan, 1972-nji ýylyň 15-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şeýle hem bu senäniň bellenilmegi bilen baglanyşykly Baş Assambleýanyň 27-nji sessiýasynda BMG-niň düzüminde täze gurama — BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (UNEP) döredildi. Bu guramanyň başda durmagynda hem her ýyl bu sene dünýäniň ähli ýurtlarynda bellenilýär. Her ýylyň 5-nji iýunynda birnäçe ýurtlarda daşky gurşawa gönükdirilen halkara maslahatlar, çäreler, sergiler guralýar. Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güniniň bellenilmeginiň esasy maksady — bütin adamzadyň ünsüni daşky gurşawda döreýän meselelere gönükdirmek, adamyň tebigata ýetirýän täsirini azaltmak bolup durýar.

Ýurdumyzda daşky gurşawy, biologiýa köpdürliligi goramak, tebigy serişdelerden aýawly peýdalanmak, ýaşyl innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy. Türkmenistanda ykdysadyýet we durmuş ulgamynda durmuşa geçirilýän uly möçberli milli özgertmeler maksatnamalarynyň hemmesi adamlaryň ähli babatda durmuşynyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa aladalary bilen ykjam baglanyşyklydyr. Her ýyl Türkmenistanda umumymilli bag ekmek möwsümi geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde emele gelen uly möçberli gök zolaklar bolsa onuň netijeleri bolup durýar.

BMG-niň tebigaty goramaga degişli esasy maksatnamalaryna goşulyp, ýurdumyz bu resminamalaryň düzgünlerini milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça maksada laýyk işleri alyp baryp, öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Ýurdumyzyň BMG-niň çölleşmäge garşy göreşmek, howanyň üýtgemegi, ozon gatlagyny goramak, serhetüsti akýan suwlary we halkara kölleri goramak hem-de peýdalanmak ýaly biologik köpdürlilik hakynda konwensiýalary tassyklamagy munuň aýdyň kepilidir. BMG-niň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasy, BMG-niň ösüş maksatnamasy, Dünýäniň ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we halkara derejelerinde ekologiýa maksatnamalarynyň, taslamalarynyň birnäçesi amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatlarynda, BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» maslahatynda we beýleki iri halkara maslahatlarynda beýan eden netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe boldy.

Türkmenistan daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününi tebigaty goramak ulgamynda geçirilýän göwrümli işleri bilen garşylaýar, onuň sesi dünýä bileleşigine ýaň salyp, tutuş dünýäde tebigaty we onuň gözelliklerini doly derejede gorap saklamaga gönükdirilendir.

.

Hatyja ŞADYLIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň  III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok